Psiphony nädip ulanmaly

Android üçin Psiphon

Birinji bilen Siz öz Android üçin Psiphon nusgañyz ähtibardygyny barlañ.

Gurnamany başlatmak üçin Android e-poçtaňyzyň ýa-da brauzeriňiziň içinde Psiphon APK baglanyşygyna basyň. (Eger-de säwlik dörese, Siz ýan yükleme üçin mümkünçilik döretmeli.)

Psiphon 3 programmasyny işe goýbereniňizde ol Psiphon toruna awtomatiki birikmäge başlaýar.

Screenshot of Psiphon for Android showing the status panel
  • Psiphon VPN ýa-da Bütin Enjam görnüşinde işleýär. Hemme programmalar arkaly Psiphon tunellenýär.
  • Status Paneli saýlanan
  • Psiphon-y Umumy Tunel Enjam görnüşinde işletmek üçin, Android 4.0+ ýada kökli enjam gerek.

    Bu saýlama, öňki köne Android ulgamyna eýe bolan we kökli bolmadyk enjamlar üçin ulanyp bolmaz.
  • Çal : birikýär
    Gyzyl: birikmedi
    Gök: birikdi
  • Şu wagt haýsy Psiphon wersiýasyny ulanýanyňyzy görkezer

Screenshot showing the Psiphon for Android logs panel
  • Psiphon hereketlilik loglary

Screenshot showing the Psiphon for Android statistics panel
  • Birikme dowamlylygy
  • Psiphon arkaly maglumatlary iber
  • Psiphon üsti bilen toplanan maglumat
  • Psiphon arkaly kompreslenen maglumaty ugrat
  • Toplanan maglumat Psiphon üsti bilen kompreslendi

Programma tora birigeninden soň ol öz içindäki Psiphon brauzerini işe goýberýär. Android üçin Psiphon gelýän we gidýän mazmuny öňünden kabul edilen Android brauzeri ýa-da beýleki programmalar üçin awtomatiki amala aşyrmaýar.

Screenshot showing the Psiphon for Android web browser
  • Psiphon işleýär
  • Açyk panelleriň arasyndan geçiş et
  • Ulanylýan paneli ýap
  • Häzirki sahypany ýer belliklerine belle
  • Täze panel aç

Windows üçin Psiphon

Birinji bilen Siz öz Android üçin Psiphon nusgañyz ähtibardygyny barlañ.

Müşderi programmasyny göçürip alyp, ony işlediň. Ony işledeniňizde, bu programmanyň Psiphon Inc. kompaniýasynyň kanuny önümidigini görkezýän howpsuzlyk sowalyny görersiňiz.

Screenshot showing the Windows security warning for the Psiphon executable

Psiphon işledeniňizde ol awtomatiki birigip başlaýar. Birigýärkä, pyrlanýan kiçi belgi görkezilýär. Aşakdaky ötük rejeleriniň birini saýlap bilersiňiz: VPN (IPSec üstünde L2TP ), SSH ýa-da SSH+ (SSH goşmak perde, protokolyň barmak yzy alynmaz ýaly SSH-iň ýokarsynda tötänleýin gatlak).

Screenshot showing Psiphon starting up on Windows

Ýaşyl reňkli kiçi belgi görkezileninde Psiphon serwerine birikme amala aşyrylýar. VPN rejesinde gelýän we gidýän mazmun awtomatiki usulda tutuşlygyna Psiphon arkaly alnyp barylýar.

SSH we SSH+ rejelerinde Psiphon Windows ulgamy proksi sazlamalaryny awtomatiki sazlaýar we şu sazlamalary berjaý edýän programmalarda gelýän hem-de gidýän mazmun Psiphon arkaly amala aşyrylýar. Esasy web brauzerleriň ählisi bu sazlamalary öňünden kabul edilen görnüşde berjaý edýär.

Mundan başga-da, SSH we SSH+ rejelerinde Psiphon bölünen ötük opsiýasyny hödürleýär, bu ýerde halkara gelýän we gidýän mazmun proksi arkaly amala aşyrylýar, ýurduň içindäki mazmun bolsa beýle däl. Bölünen ötügi işjeňleşdirmek üçin "Proksi etme..." opsiýasyny belläň. Bu opsiýa açyk mahaly proksi edilmedik domenler barada habar ýaýlasynda hasabat berilýär.

Screenshot showing Psiphon connected on Windows

Programmany ýapanyňyzda Psiphon birikmäni awtomatiki kesýär. Birikmäni açyp-ýapmak üçin kiçi belgä basyp hem bilersiňiz.